Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy
Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş goýup giden bu möhüm gün 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen kanun bilen Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň Samsuna çykyp, Milli azat edijilik göreşiniň alawyny ýakan 1919-njy ýylyň 19-njy maýynyň 103-nji ýyly.
Bir ýurdyň azatlygyny milletde gören we Beýik Britaniýanyň flodynyň gelen Stambuldan egindeşleri bilen bilelikde Anadola geçen Atatürkiň 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsunda ýakan fakeli 103 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär.
Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş goýup giden bu möhüm gün 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen kanun bilen Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy.
19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ýurdyň dört künjeginde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda biri-birinden tapawutly çäreler we dabaralar bilen bellinilip geçilýär.
Degişli Habarlar
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.