Türkiýäniň Prezidenti BAE-ne sapar gurar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan mesele bilen bagly beýanat berildi

1827911
Türkiýäniň Prezidenti BAE-ne sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BAE-niň ozalky Döwlet ýolbaşçysy Şeýh Halife Bin Zaýed Al Nahaýanyň aradan çykmagy sebäpli, şu gün BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherine gider. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda, Prezident Erdoganyň BAE-niň ozalky Döwlet ýolbaşçysy Şeýh Halife Bin Zaýed Al Nahaýanyň aradan çykmagy sebäpli sapar gurajak BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde BAE-niň täze Döwlet ýolbaşçysy we Abu-Dabiniň Emiri Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen ikiçäk duşuşyk geçirjekdigi habar berildi. 



Degişli Habarlar