Liberiýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Hulusi Akar, Liberiýanyň Goranmak ministri Daniel Dee Ziankany Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

1822933
Liberiýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

 Liberiýanyň Goranmak ministri Daniel Dee Ziankan resmi sapar bilen Türkiýä geldi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liberiýanyň Goranmak ministri Daniel Dee Ziankany düýn paýtagt Ankarada Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Duşyşykda özara we sebitara goranyş we howpsyzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda şeýle hem iki ýurduň arasyndaky harby tälimiň we hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy we Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreş meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar