Ibrahim Kalyn Ukrainada saparda boldy

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly: "Esasan hem Stambul tapgyrynyň dowam etdirilmegi, bu söweşiň bes edilmeginde möhüm rol oýnap biler. Onuň bilen baglanşykly işlerimizi giň gerimli dowam etdirýäris" diýdi

1821019
Ibrahim Kalyn Ukrainada saparda boldy

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi we ilçi Ibrahim Kalyn, aralarynda Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal hem bolan wekiliýet bilen düýn Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde saparda boldylar. 

Saparyň çäginde Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý tarapyndan kabul edilen Ibrahim Kalyn, Prezident administrasiýasynyň başlygy Andrei Ýermak bilen hem duşuşyk geçirdi. 

Ibrahim Kalyn, mundan başgada Türkiýäniň Kiýew şäherindäki ilçihanasynda türk raýatlar we Krym tatar türkleri bilen agzaçarda duşuşyk geçirdi. 

Türkiýäniň Kiýew şäherindäki ilçihanasynda beýanat beren Ibrahim Kalyn: "Bu saparymyzyň maksady, Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary we elbetde dowam edýän söweş bilen baglanşykly gepleşikler geçirmek we esasan hem söweşiň bes edilmegi bilen baglanşykly tagallalara goşant goşmak" diýip habar berdi. 

Söweşiň başlan gününden bäri Türkiýäniň, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderliginde söweşiň bes edilmegi üçin giň gerimli tagalla edýändigini ýatladan Ibrahim Kalyn: "Söweşiň tamamlanmagy, gepleşikler we dialog arkaly şol çaknyşyklaryň bes edilmegi ilkinji maksadymyz. Emma elbetde söweş uzan halatynda şertler hem has kynlaşýar. Esasan hem asuda ilata garşy hüjümleriň bes edilmegi babatynda ýagdaý has hem gyssagly. Mariupol başda bolmak bilen ol ýerden asuda ilatyň ewakuasiýasy, ynsanperwer geçelgäniň açylmagy we beýleki meseleler bilen baglanşykly netijeli gepleşikler geçirdik" diýip mälim etdi. 

Ibrahim Kalyn, şol çäkde Antalýada we Stambulda iki möhüm maslahatyň geçirilendigini ýatladyp: "Esasan hem Stambul tapgyrynyň dowam etdirilmegi, bu söweşiň bes edilmeginde möhüm rol oýnap biler. Onuň bilen baglanşykly işlerimizi giň gerimli dowam etdirýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar