Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1819868
Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşligine Russiýa we ABŞ-nyň arasynda düýn Türkiýede amala aşyrylan zamun çalşygy bilen birlikde Ukrainaky söweş bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Wladimir Putin telefon söhbetdeşliginde rus uçarmany Konstantin Ýaroşenko bilen ABŞ-nyň deňiz pyýada goşunynyň harbysy Trewor Ridiň Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň koordinasiýasynda we gözegçiliginde Türkiýede amala aşyrylan zamyn çalşygy sebäpli Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi. 

Prezident Erdogan hem Türkiýäniň şol zamun çalşygyna araçylyk etmeginiň parahatçylyga, dialoga we hyzmatdaşlyga berýän ähmiýediniň nyşanasy bolmagy bilen birlikde araçylyk missiýasy taýdan hem manyly bolandygyny beýan etdi. Milli Howpsuzlyk gullugynyň zamun çalşygynda öz üstüne alan rolunyň üstünde durup geçen Erdogan, razwedka gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ýakyn dialogyň dowam etdirilmeginiň gerekdigini, onuň bolsa sebitdäky adamzat tragediýalarynyň öňüniň alynmagy we durnuklylyk gurşawynyň üpjün edilmegi taýdan bähbitlidigini habar berdi. 

Prezident Erdogan 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýanyň we Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin hem insiatiwany ele almaga we parahatçylyga barjak ýolda araçylyk etmäge taýardyklaryny belläp, Stambulda geçirilen gepleşiklerde ýola goýulan aragatnaşygyň artdyrylyp, sebitde hemişelik parahatçylygy iň gysga wagtda dikeltmek isleýändiklerini mälim etdi. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň iki goňşusynyň arasyndaky şol krizisiň hötdesinden gelinmegi we asudalygyň ýola goýulmagy üçin alyp barýan tagallalaryny tutanýerlilik we yhlas bilen dowam etdirjekdiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar