Şükrü Emre Eren wagtlaýynça Prezident Erdoganyň wezipesini öz üstüne aldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ýaňadandan dünýäniň liderligine ymtylýan döwleti we milleti bilen täze bir galkynyşyň içindedigini beýan etdi

1817009
Şükrü Emre Eren wagtlaýynça Prezident Erdoganyň wezipesini öz üstüne aldy

Prezident Erdogan, 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramynyň çäginde düýn Milli Bilim ministri Mahmut Özeri we ýanyndaky 11 çagany, Wahdettin köşgünde kabul etdi. 

Myhmanlar bilen ýeke-ýeke salamlaşan Erdogan, öz wezipesini wagtlaýynça 8-nji synp okuwçysy Şükrü Emre Erene berdi. Prezident Erdogan Erene "Hormatly Prezidentimiz hoş geldiňiz" diýip aýdan mahaly Eren hem öz gezeginde "Hoş gördük" diýip aýtdy. 

Prezident Erdogan kabul edilşikde eden çykyşynda, çagalary 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bilen gutlady. 

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň, Beýik Millet Mejlisiniň açylyş güni bolan 23-nji aprel gününi gelejegi pikir edip çagalara bagyşlandygyny ýatladan Erdogan: "Dünýäniň iň gadymy döwlet däbine eýediris. Milletimiz özüne beýleki jemgyýetleri haýran galdyran tutanýerliligi, gaýrady we gaýduwsyzlygy bilen eýýäm müňlerçe ýyl bäri bolan ähli ýerlerinde öňbaşçy bolmagy başardy. Şu gün Türkiýe ýaňadandan dünýäniň liderligine ymtylýan döwleti we adamzadyň wyždanyny, merhemedini we umydyny özünde jemleýän milleti bilen täze bir galkynyşyň içindedir. Sizden biziň goýup gitjek ýerimizden aljak bu şanly baýdagy ähli ugurlar boýunça dünýäniň iň depesine çykarmagyňyzy aýratyn isleýärin" diýip nygtady.  

Prezident Erdogan eden çykyşyndan soň Şükrü Emre Ereni göz öňünde tutup: "Prezidentimize mikrofony bereliň" diýip belledi. 

Ähli dostlarynyň adyndan wezipäniň esasy eýesi Prezident Erdogana özlerini kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildiren Eren, ähli çagalary 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bilen gutlady. 



Degişli Habarlar