Prezident Erdogan Mawy Watan 2022 Türgenleşigine Gatnaşdy

Prezident R.T.Erdogan üç tarapy deňizler bilen gurşalan Türkiýäniň güýçli deňiz güçlerine eýe bolmagynyň mejburlykdygyny beýan etdi.

1815896
Prezident Erdogan Mawy Watan 2022 Türgenleşigine Gatnaşdy

“Mawy Watan 2022” türgenleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşan Erdogan dünýäniň taryhy döwlet we harby goşun tejribesine eýe bolan türk milletiniň elmydama watanyny, ýurduny, hakyny we bähbitlerini goramaga elmydama taýýar ýaragly güýçlere eýedigini aýtdy.

Gahryman türk goşunlarynyň bir tarapdan serhetlerde we serhetaşa eneçeme möhüm borjy üstünlik bilen berjaý edýän bolsa, beýleki tarapda taýýarlyklaryny seljerýän türgenleşikleri meýilleşdirip, iş ýüzüne geçirýändigini nygtan Erdogan; “Mawy Watan 2022” türgenleşigi hem operasiýa taýýarlyk tämillerini tamamlamak hem-de ýerli we milli ýarag ulgamlarymyzyň netijeliligini synagdan geçirmek maksady bilen 11-nji aprelden bäri dowam edýär. Harby deňiz güýçleri serkerdeligimiziň Gara, Egeý we Gündogar Ortaýer deňizlerindäki güýçleriniň beýleki goşun serkerdelikleri we döwlet edarlary bilen utgaşyklykda geçirýän türgenleşigimiz üstünlik bilen tamamlandy” diýdi.

Türgenleşige gatnaşan gämileriň, uçarlaryň, dik  uçarlaryň, uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýörite güýçleriň gullukçylarynyň borçlaryny berjaý edip, hemişekisi ýaly operasiýa taýýardygyny görkezendigini beýan eden Erdogan; “Üç tarapy deňizler bilen gurşalan Türkiýäniň güýçli deňiz güçlerine eýe bolmagynyň mejburlykdyr” diýdi.



Degişli Habarlar