Gelejegimize Bökdençlik Döredýän Döwletlere Ýa-da Lobbilere Boýun Egmeris

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun paýtagt Ankarada geçirilen “Halkara hukugyň we taryhyň perspektiwasyndan 1915-nji ýyldaky wakalar” atly maslahata gatnaşdy.

1815148
Gelejegimize Bökdençlik Döredýän Döwletlere Ýa-da Lobbilere Boýun Egmeris

Maslahatda çykyş eden Altun; “Umumy taryhymyzy ýoýýan we umumy gelejegimiziň öňündäki esasy bökdençiligi emele getirýän döwletlere, lobbilere ýa-da diasporalara boýun egmeris” diýdi.

Altun maslahatda sözlän sözünde; “Indi çydalmasyz derejelere ýeten wagşylygyň öňüni almak üçin Osman döwleti tarapyndan 1915-nji ýylda Gönikdiriş we ýerleşdiriş kanuny çykaryldy. Garakçy toparlaryň hüjümleriniň möwç alan ýerlerindäki ermeni ilat, janynyň we emläginin howpsuzlygy üpjün edilip, Osman döwletiniň çäklerindäki günorta etraplara göçürildi, emma ýurtdan çykarylmady. Genosid ýaly waka bolsa asla başdan geçirilmedi” diýdi.

Söweş şertlerinde asuda ilatyň goralmagy we watanyň goralmagy maksady bilen kanunyň iş ýüzüne geçirilendigini aýdan Altun; “Käbir ermeni garakçy toparlarynyň türklere garşy söweşden has öň başlan we giň möçberde dowam eden köpçülikleýin ýaragly pitneleriniň netijesi boldy” diýdi.

Bu taryhy hakykatyň bilkastlaýyn ýagdaýda üstüniň ýapylýandygyny nygtan Fahrettin Altun; “Diňe bir 1915-nji ýyldaky wakalary betbäl taraplaryň hyýanatçylykly peýdalanmaklary we esassyz diskurslary bilen ýoýulan görnüşde gün tertibine getirilmge, betbäp syýasy maksatlar üçin peýdalanylmaga çalyşylýar” diýdi.

Altun 1915-nji ýyldaky wakalar ylmyň temasy bolmalydygyna garamazdan syýasatyň meselesi bolmakdan halas bolup bilmändigini nygtap; “Bu mesele ýaryhy ýa-da ylmy diskussiýalara tema bolmak beýlede dursun; lobbileriň, saýlaw kampaniýalarynyň serişdesi bolmakdan, syýasatçylar üçin gelejek, hat-da güzeran görme çeşmesi bolmakdan aňyry geçmeýär” diýdi.



Degişli Habarlar