“Sungat Ussady Jemgyýetiň Aýnasydyr”

Prezident Erdogan,sungat ussatlary bilen agzaçarda duşuşdy.

1813305
“Sungat Ussady Jemgyýetiň Aýnasydyr”

Prezident R. T. Erdogan “Sungat ussatlaryna uly goldaw berýäris” diýdi.

Prezident Erdogan, düýn Stambulda Dolmabahçe köşgünde sungat ussatlary bilen agzaçarda duşuşdy.

Prezident Erdogan agzaçarda eden çykyşynda arhitekturadan aýdym saza çenli ýaýrap gidýän medeniýetiň we sungatyň jemgyýetleriň ösmeginde uly rol oýnaýandygyny belledi.

“Sungat ussady jemgyýetiň aýnasydyr. Jemgyýetiň tejribesi, derdi, hyýaly we arzuw-islegi sungat ussadyny ugrukdyrar” diýen Prezident Erdogan, bu topraklardan, bu milletden we bu medeniýetden ylham alan sungat eserleriniň uly üstünlikler gazanjakdygyna ynanýandygyny belledi.

Prezident Erdogan “Biz hem sungat ussatlarymyza hemişe goldaw berdik we goldaw bermäge dowam ederis. Ankarada Prezidentiň ýanyndaky Simfoniýa orkestrynyň täze binasyny, Stambulda Atatürk medeniýet merkezini ulanmaga bermek bilen ýurdumyza dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan sungat merkezlerini gazandykdyr” diýdi.

Beýleki tarapdan Prezidentiň aýaly Emine Erdogan hem sosial mediadan beren habarnamasynda, sungat ussatlary bilen agzaçarda duşuşandyklaryny nygtady.

 



Degişli Habarlar