Hulusi Akar, Ukrainanyň Goranmak Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş asuda ilatyň gury ýerden we deňizden howpsyz ýagdaýda göçürilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

1809208
Hulusi Akar, Ukrainanyň Goranmak Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksi Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar, Ukrainaly kärdeşi bilen, Russiýa bilen dowam edýän söweşiň diplomatiýa taýdan çözülmegi we adam pidalarynyň artmazlygy üçin gysga wagtda hüjümleriň bes edilmeginiň ähmiýeti hakynda pikir alyşdy.

Iki kärdeş Mariupolyň başda durmagynda asuda ilatyň gury ýerden we deňizden howpsyz ýagdaýda göçürilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Ministr Akar, Türkiýäniň Ukraina ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

 



Degişli Habarlar