Hulusi Akar, Ukrainaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Mariupol şäherinde açyljak ynsanperwer geçelgeler hakynda pikir alyşdy.

1806570
Hulusi Akar, Ukrainaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň Goranmak minisri Oleksi Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministrlikden berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Mariupol şäherinde açyljak ynsanperwer geçelgeler hakynda pikir alyşdy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, adam pidasynyň artmazlygy üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmeginiň we asuda ilatyň göçürilmegi üçin ynsanperwer geçelgeleriniň açylmagynyň möhümdigini belledi.

Ministr Akar, Türkiye Respublikasynyň Ukraina ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin elinden geleni etmäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

 



Degişli Habarlar