Prezident Erdogan, Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider, sişenbe güni Stambulda geçirlen Russiýa-Ukraina gepleşikleri hakynda pikir alyşdy.

1805873
Prezident Erdogan, Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon arkaly söhbetdeşliginde, sişenbe güni Stambulda geçirlen Russiýa-Ukraina gepleşikleri hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan,  Stambulda geçirlen Russiýa-Ukraina gepleşikleriniň netijeli geçmeginiň parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini belledi.

Taraplaryň parasatly hereket etmeginiň we gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtan Prezident Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň duşuşmagy üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem, Russiýa-Ukraina gepleşiklerine ýer eýeçiligini edendigi sebäpli Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar