Prezident Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1805266
Prezident Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň arasynda sişenbe güni Stambulda geçirilen gepleşikler ele alyndy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň we Russiýanyň gepleşikler geçiren wekiliýetleriň Stambulda amala aşyran maslahatlarynyň, netijesi boýunça söweşiň bes edilmegi we parahatçylygyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin alynyp barylýan tapgyra itergi berendigini mälim etdi. 

Stambuldaky gepleşiklerden soň dartgynlygyň azaldylmagy ugrunda ençeme alamatyň berilmeginiň möhümdigini aýdan Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini duşuşdyrmak we şol duşuşyga Türkiýe hökmünde ýer eýeçilik etmek teklibini nygtap geçdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem öz gezeginde Ukrainanyň we Russiýanyň wekiliýetleriniň geçiren gepleşiklerine Stambulda ýer eýeçilgini etmegi sebäpli Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar