“Putin we Zelenskiý Bilen NATO-nyň Liderler Maslahaty Hakynda Pikir Alyşaryn”

Prezident Erdogan,uçarda metbugata beýannama berdi.

1801949
“Putin we Zelenskiý Bilen NATO-nyň Liderler Maslahaty Hakynda Pikir Alyşaryn”

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen düýn Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen NATO-nyň liderler maslahaty hakynda pikir alyşjakdygyny nygtady.

Prezident Erdogan, NATO-nyň nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyndan gaýdyşyn uçarda metbugata beýannama berdi.

Halkara howpsyzlyk taýdan ynjyk döwrüň başdan geçirilýän günlerinde NATO agza ýurtlaryň liderleriniň bir ýere jemlenşendigini nygtan Erdogan, maslahatda, Russiýa-Ukraina söweşiniň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýatlatdy.

“Maslahatda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky hüjümleriň bes edilmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edilýän tagallalaryň dowam etdirilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdyk” diýen Erdogan, maslahatyň ähli taraplaýyn netijeli geçendigini belledi.

Türkiýäniň söweşiň bes edilmegi üçin uly tagalla edýändigini aýdan Erdogan, bu ugurdaky tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini ýatlatdy.

Putin we Zelenskiý bilen yzygiderli ýagdaýda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýändigini nygtan Erdogan, “Şu gün Zelenskiý, hepdäniň ahyrynda ýada hepdäniň başynda hem Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirerin we NATO-nyň liderler maslahaty hakynda pikir alyşaryn” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar