Oktaý Milli Tehnologiýa Pudagynyň Günsaýyn Güýçlenýändigini Beýan Etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Türkiýäniň milli tehnologiýa pudagynyň günsaýyn güýçlenýändigini aýtdy.

1799820
Oktaý Milli Tehnologiýa Pudagynyň Günsaýyn Güýçlenýändigini Beýan Etdi

Oktaý paýtagt Ankarada Daşary ýurtlardaky talyplaryň Garaýyş we gözýetim tälimleri boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy.

Ýerli we milli tehnologiýalaryň ösmegi üçin işleriň ýokary depginde dowam edýändigini aýdan Oktaý; “Türkiýe indi täze tehnologiýalaryň bazary däl, eýsem olary öndürýän we bütin dünýä eksport edýän ýurt bolmak maksady bilen başladylan tehnologik başlangyçlarymyzy günsaýyn güýçlendirýäris” diýdi.

Çykyşynda Russiýa-Ukraina meselesiniň tehnologiýa pudagyna täsirleri hakynda-da durup geçen Fuat Oktaý; “Russiýa-Ukraina meselesi ýaly sebitimizde başdan geçirilen tragediýalar ähli ugurlarda öz-özüne ýeterlik bolan, tehnologiýa dizaýn edýän, öndürýän we eksport edýän ýurt bolmakdan başga çykalgamyzyň ýokdugyny görkezýär” diýdi.



Degişli Habarlar