Mewlüt Çawuşogly YHG-nyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ol ýerdäki ikiçäk duşuşyklarynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi

1799733
Mewlüt Çawuşogly YHG-nyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar
rasid meredov.jpg
cavusoglu-kureysi.jpg

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Pakistanyň paýtagty Yslamabad şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 48-nji Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşýar. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BAE döwletine guran saparyndan soň Pakistanyň paýtagty Yslamabad şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 48-nji Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen düýn Yslamabad şäherine bardy. 

Maslahatdan ozal Pakistanyň Daşary işler ministri Mah Mahmud Kureýşi tarapyndan garşylanan Mewlüt Çawuşogly, kärdeşi bilen söhbetdeş boldy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ol ýerdäki ikiçäk duşuşyklarynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar