Gelejek Tapgyry Digital Mobilizlenme Döwri Diýip Yglan Edýäris

Prezident R.T.Erdogan gelejek tapgyry digital mobilizlenme döwri diýip yglan edýändiklerini aýtdy.

1799321
Gelejek Tapgyry Digital Mobilizlenme Döwri Diýip Yglan Edýäris

Erdogan paýtagt Ankarada “Forum Metawerse” çäresinde gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda dünýäniň digital tehnologiýalarlaýyklykda esaslandyrylýan täze döwre tarap depginli öňe barýandygyny beýan edip; “Ýurtlaryň ýolbaşçylary bolan biziň üstümize düşýän jogapkärçilik, öz raýatlarymyzy, öz ýaşlarymyzy esasanda bu çetde durulmasyz gelejege tarap gory, howpsuz we güýçli üpjünçilikli taýýarlamakdan ybaratdyr” diýdi.

Prezident Erdogan kartelleşen sosial media platformalarynyň hukuk we ahlak kadalaryny ykrar etmeýän çemeleşmeleriniň hem çözülmelidiginiň anyk görkezijisidigini nygtap; “Eýsem indi günsaýyn ýaýbaňlanýan digital ykdysady hakykat, digital medeni hakykat bar. Eger şeýle bolsa ýurtlaryň ählisiniň ylalaşygy bilen kabul edilip, yzynda durulmaly digital hukuk ulgamyny gurman bu meseläniň çözülmegi mümkin däl. Biziň üstümize düşýän borç bu haotik digital şertlerde ilkinji nobatda öz raýatlarymyza, öz çagalarymyza eýe çykmak, olaryň global ösüşlerde, hat-da olardan hem öňde orun eýelemeklerine şert döretmek” diýdi.

Türkiýäniň indi älem giňişligindäki pozisiýasyny güýçlendirýän, maksatnamalar taýýarlaýan, ballistiki serişdeleri dizaýn edýändigini nygtan Prezident Erdogan, global terrorçylara garalyp berilýän “Türkiýäniň tehnologiýada öňe saýlanma mümkinçiligi galmady” diýilýän analiziň, ýurduň ýaşlaryny kemsitmeden ybaratdygyny aýtdy.

“UHU-larynyzy, “ÝUHU-laryňyzy, “Akynjylaryňyzy” öndürmeýän bolsaňyz, ýapjalyga mejbursyňyz” diýen Erdogan, gelejekki tapgyry digital mobilizlenme döwri diýip yglan edendigini habar berdi.

 



Degişli Habarlar