Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

1796829
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin uly tagalla edýändiklerini nygtap, gysga wagtda hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýändiklerini ýatlatdy.

Erdogan, Zelenskiý bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň duşuşmagy üçin tagalla etmäge dowam etekdiklerini ýatlatdy.

Ukrainadaky we goňşy ýurtlardaky ukrainalylara ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýändiklerini bellän Prezident Erdogan, ynsanperwer kömek geçelgelerinden ýerlikli peýdalanylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar