Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiýede Saparda Bolar

Olaf Şols Türkiýä ilkinji resmi saparyny gurar.

1794751
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiýede Saparda Bolar

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýede saparda bolýar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, dekabr aýynda wezipesine başlan Olaf Şols Türkiýä ilkinji resmi saparyny gurar.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Russiýa-Ukraina söweşi, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby ýaly meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.



Degişli Habarlar