Hakkari welaýatynda Eren Gyş-30 operasiýasy başladyldy

Hakkari welaýatynda 571 harby gullukçynyň gatnaşmagynda "Eren Gyş-30 Şehit Žandarma seržant Mehmet Sanjar" atly operasiýa başladyldy

1792281
Hakkari welaýatynda Eren Gyş-30 operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda,  "Eren Gyş-30 Şehit Žandarma seržant Mehmet Sanjar" atly operasiýanyň ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen geçirilendigi mälim edildi. 

Operasiýa Hakkariniň welaýat Žandarma serkerdeliginiň ýolbaşçylygynda 571 Žandarmanyň Komandos toparlaryndan, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlarynyň we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat 41 operatiw toparyň gatnaşýandygy aýan edildi. 

Beýanatda: "Ýurdyň içindäki terroryň dolulygyna ortadan aýrylmagy üçin geçirilýän Eren Gyş operasiýalary, halkymyzyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen üstünlikli ýagdaýda dowam etdirilýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar