Çawuşogly Rus we Ukrain Kärdeşleriniň Antalýa Geljekdigini Beýan Etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly rus we ukrain kardeşleri bilen 10-njy martda Antalýa Dilomatiýa forumynda üçtaraplaýyn formatda duşuşjakdyklaryny beýan etdi.

1791139
Çawuşogly Rus we Ukrain Kärdeşleriniň Antalýa Geljekdigini Beýan Etdi

Daşary işler ministri Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen penşenbe güni Antalýada duşuşjakdyklaryny aýtdy.

Ministrlikde beýanat beren Çawuşogly, taraplar bilen geçiren gepleşiklerinde iki ministriň hem maslahata gatnaşmagyny isländigini beýan etdi.

Çawuşogly; “Bu maslahatyň esasanda öwrülşik nokadyny emele getirmegini tama edýäris. Parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda edilen başlangyç bolmagyny arzuw edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar