TBMM-niň Başlygy Şentop, Kosowanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

Mustafa Şentop Mejlisde bolan duşuşykda Ukraina-Russiýa söweşi hakynda durup geçdi

1787922
TBMM-niň Başlygy Şentop, Kosowanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop resmi sapar bilen Türkiýä gelen Kosowanyň Prezidenti Wosa Osmani-Sadriu bilen duşuşdy.

Mustafa Şentop Mejlisde bolan duşuşykda Ukraina-Russiýa söweşi hakynda durup geçdi.

Şentop “Şu günki günde Ukraina bilen Russiýanyň arasynda söweşe öwrülen wakalardan Amerika we käbir Ýewropa ýurtlary jogapkär. Owganystanda, Yrakda, Siriýada we birnäçe Latyn Amerika ýurtdunda bähbitleri üçin halkara hukugyny basgyladylar. Bu dünýämiziň geljegi taýdan diýseň howply we bizi aladalandyrýar” diýdi.

Kosowanyň Prezidenti Wosa Osmani-Sadriu hem Balkanlarda parahatçylygyň üpjün edilmegi meselesinde Türkiýäniň rolyna ünsi çekdi we NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasy we Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisi ýaly halkara platformalarda Kosowa goldaw berilmegini isledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar