Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Ukraina Ynsanperwer Kömegini Ugradar

Türkiýäniň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti gyssagly ynsanperwer islegler üçin sebite ynsanperwer kömek kerwernini ugradar.

1785357
Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Ukraina Ynsanperwer Kömegini Ugradar

Jemgyýetden berilen beýannamada Ukrainanyň Gyzyl haçynyň ýüze çykan ynsanperwer islegleriň kanagatlandyrylmagy üçin Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden kömek soramagy zerarly 210 inedördül metrlik umumy maksatly çadyrlar, maşgalalar üçin tebigy apat çadyrlary, ýorgan, çagalar üçin ýorgan, uky kombenozony ýaly gyssagly ynsanperwer kömek enjamlary bolan 3 konteýner ynsanperwer kömeginiň taýýarlanandygy habar berildi.

Beýannamada ynsanperwer kömek kerweniniň şu gün Ukraina ugradylmagynyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Başlygy Kynyk sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Gyzyl ýarymaý toparymyz öýlerini terk adamlar üçin adatdan daşary şertlerde ýaşamak üçin çadyrlary we göçürilen raýatlarymyza hem kömekberjek göçme iýmitlendiriş ulaglary bilen sebite hereket edýär” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar