Prezident Erdogan NATO-nyň Liderler Maslahatyna Gatnaşdy

Russiýa düýn Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy

1785656
Prezident Erdogan NATO-nyň Liderler Maslahatyna Gatnaşdy

NATO agza ýurtlaryň liderleri, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin adatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynda eden çykyşynda, birnäçe aýdan bäri berlen duýduryşlara we diplomatik çözgüt tagallalaryna garamazdan Russiýanyň, Ýewropada parahatçylygy bozandygyny nygtady.

Stoltenberg, “Harby hüjümiň ýeke-täk jogapkäri Russiýa” diýdi.

Ýens Stoltenberg, Russiýa harby hüjümiň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berdi we NATO-nyň Ukrainanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Maslahata ÝB-ne agza ýurtlaryň, Finlandiýanyň we Şwesiýanyn liderleri gatnaşdy.

Maslahata Türkiýäniň adyndan Prezident R. T. Erdogan gatnaşdy.

Russiýa düýn Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar