5 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Ukraina Tarap Ýola Düşdi

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Ukraina kömek bermäge dowam eder.

1785706
5 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Ukraina Tarap Ýola Düşdi

Russiýanyň harby hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermek maksady bilen Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan taýarlanan 5 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Ukraina tarap ýola düşdi.

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti, Russiýanyň başladan harby hüjümden soň asuda ilat üçin ynsanperwer kömegini soran Ukraina üçin herekete geçdi.

 Ukrainanyň Gyzyl haçynyň ýüze çykan ynsanperwer islegleriň kanagatlandyrylmagy üçin Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden kömek soramagy zerarly 210 inedördül metrlik umumy maksatly çadyrlar, maşgalalar üçin tebigy apat çadyrlary, ýorgan, çagalar üçin ýorgan, uky kombenozony ýaly gyssagly ynsanperwer kömek enjamlary bolan 5 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Stambuldaky merkezinden ýola düşdi.

Ynsanperwer kömegi Bolgariýa we Ruminiýa serhedini geçip Ukraina barar

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Ukraina kömek bermäge dowam eder.



Degişli Habarlar