Türkiýeden Ukrainadaky türk raýatlaryna bildiriş

Türkiýe Ukrainadan çykmak isleýän türk raýatlary üçin gerek bolan goldawyň we ugrukdyrmanyň beriljekdigini mälim etdi

1784298
Türkiýeden Ukrainadaky türk raýatlaryna bildiriş

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ukrainanyň howa giňişliginiň häzirki wagtda hem ýapykdygy ýatladylyp, türk raýatlaryna häzirki ýagdaýda öýlerinde ýa-da howpsyz bir ýerde galmaklary we syýahat etmekden saklanmaklary barada maslahat berildi. 

Beýanatda Ukrainadan çykmak isleýän türk raýatlary üçin gerek bolan goldawyň we ugrukdyrmanyň beriljekdigi aýan edildi. 

Daşary işler ministrligi bilen habarlaşmak isleýän türk raýatlaryň şu aşakdaky nomerlere jaň edip biljekdikleri beýan edildi: 

Daşary işler ministrliginiň konsullyk çagyryş merkezi +903122922929. 

Kiýew, Çernigow, Çerkassy, Hmelniskiý, Harkow, Ternopol, Sumy, Rowno, Poltawa, Lwow, Lugansk, Žitomir, Dnepropetrowsk we Wolyn şäherlerinde ýaşaýan türk raýatlar üçin Türkiýäniň Kiýew şäherindäki ilçihanasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar üçin telefon liniýalary: +380632114765, +380632557748, +380935394612. 

Odessa, Nikolaýew, Kriwograd, Kropiwniskiý, Iwano-Frankowsk, Çernowsy, Herson, Zaparožýe, Užgorod, Donetsk, Winissa şäherlerinde ýaşaýan türk raýatlar üçin Türkiýäniň Odessa şäherindäki Baş konsullygyň Adatdan daşary ýagdaýlar üçin telefon liniýalary: +380937110024, +380937110026.



Degişli Habarlar