Erdogan: "Bu ädim sebitiň durnuklylygyna urulan zarbadyr" diýdi

Prezident Erdogan Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümi bilen bagly: "Bu ädim sebitiň durnuklylygyna urulan zarbadyr" diýip nygtady

1784601
Erdogan: "Bu ädim sebitiň durnuklylygyna urulan zarbadyr" diýdi

Prezident Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde Prezidentiň kompleksinde Halkara Demokratlar bileleşiginiň wekiliýetini kabul etdi. 

Erdogan Russiýanyň Ukraina garşy başladan harby hüjümleri bilen bagly: "Öz raýatlarymyz bilen tatar doganlarymyz başda bolmak bilen Ukrainada ýaşaýan her kimiň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetireris. Harby operasiýany kabul etmeýäris we ret edýäris. Halkara hukuga ters gelýän bu ädim sebitiň parahatçylygyna, asudalygyna we durnuklylygyna urulan zarbadyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ukrainanyň territorial bütewiligini goramak üçin alyp barýan göreşini goldaýandygyny belläp: "Muny ýaňyrak telefon arkaly söhbetdeş bolan Zelenskä aýtdym" diýip mälim etdi. 

Erdogan: "Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky meseleleriň Minsk ylalaşygynyň çäginde dialog arkaly çözülmegi baradaky çagyryşymyzy gaýtalap geçýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar