Erdogan: "Taraplary sagdyn pikirlilige we halkara hukugy berjaý etmäge çagyrýarys" diýdi

Prezident Erdogan Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Lugansk sebitleriniň Garaşsyzlyklaryny ykrar etmegi bilen baglanşykly: "Taraplary sagdyn pikirlilige we halkara hukugy berjaý etmäge çagyrýarys" diýip belledi

1782935
Erdogan: "Taraplary sagdyn pikirlilige we halkara hukugy berjaý etmäge çagyrýarys" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Kongo Demokratik Respublikasyndan Senegala geçen mahaly uçarda metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Türkiýäniň Russiýa-Ukraina krizisiniň iň başyndan bäri dartgynlygyň azaldylmagy üçin tagalla edendigini aýdan Prezident Erdogan: "Krizisiň çözüwi bilen bagly ýüzlenmelerimizi açyk ýagdýada orta goýdyk. Başdan geçirilen soňky hadysalar bilen baglanşykly Daşary işler ministrligimiziň beren beýanatynda hem Russiýanyň Donetsk we Lugansk Respublikalarynyň Garaşsyzlyklaryny ykrar etmegi bilen baglanşykly kararyň Minsk ylalaşygyna tersidigi nygtaldy. Şol kararyň Ukrainanyň syýasy jebisliginiň, özbaşdaklygynyň we territorial bütewilginiň açyk ýagdaýdaky düzgün bozmasy manysyny berýändigi bellendi" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Karary kabul ederliksiz hökmünde häsýetlendirýäris. Taraplary sagdyn pikirlilige we halkara hukugy berjaý etmäge çagyrýarys. Gara deňize kenary bolan ýurt hökmünde ençeme çäre bukjalarynyň emele getirilmegi zerur. Biz hem öz gezegimizde şol çäreleri görýäris, mundan öň hem gördük" diýip belledi. 

Erdogan Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi-Türkiýe-Germaniýa umumy sammidiň geçirilmegi bilen bagly teklip barada: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary we beýleki ýurtlar ony kabul etse şol maslahata gatnaşarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar