“Kongo Demokratik Respublikasyna Sanjym Kömegini Bereris”

Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Kongo Demokratik Respublikasyna bardy.

1781862
“Kongo Demokratik Respublikasyna Sanjym Kömegini Bereris”

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Kongo Demokratik Respublikasyna bardy.

Prezident Erdogan, Kongo Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Feliks Çisekedi tarapyndan garşylandy.

Iki lider özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda “Türkiýe-Afrika sammitinde kabul edilen jarnama we iş meýilnamasy 2022-2026-njy ýyllarda özara gatnaşyklarda durmuşa geçiriljek işleri öz içine alýar. Afrika ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarymyzy şol çäkde pugtalandyrmak bilen dowam ederis” diýdi.

Erdogan “Size 100 müň doza Kowid-19 sanjymyny getirdim. Saglygy goraýyş ministrligimiz hem ýene-de bir million doza Sinovak we 100 müň doza TURKOVAK sanjymyny ugradar” diýdi.

Kongo Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Feliks Çisekedi hem “Şu gün Türkiýe bilen Kongonyň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy gün. Saparyň özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Kongo Demokratik Respublikasyndan soň Senegala we Gwineýa-Bisau barar.

 



Degişli Habarlar