Erdogan BAE-de Ýaşlar Bilen Duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan düýn Dubai Expoda Birleşen Arap Emirlikleriniň Pawilýonunda ýaşlar bilen duşuşdy.

1779578
Erdogan BAE-de Ýaşlar Bilen Duşuşdy

Türkiýe bilen BAE-niň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze başlangyçlary edýändiklerini nygtan Erdogan, şol çäkde Abu Dabide “Ýaşlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barasynda ylalaşyga” gol çekişilendigini ýatladyp, şeýlelikde ýaşlaryň hyýallaryny hakykata öwürmek ugrunda möhüm başlangyjyň başyny başlandyklaryny aýtdy.

Ýaşlaryň hem şol ylalaşygyň ruhuny iş ýüzüne geçirmek ugrunda degişli tagallany etjekdigine ynanýandygyny beýan eden Erdogan; “Ýaşlar, sizden Türkiýe bilen BAE-niň arasynda köňül ilçileri hökmünde hereket etmegiňize garaşýarys. İki dost we doganlyk ýurt giň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine eýe. Esasanda älem giňişligi boýunça maksatnamalary we täzeçik tehnologiýalar boýunça birmeňzeş garaýyşlara eýedigimizi görýärin. Uzak möhletli maksatnamanyň we tagallanyň netijesinde Milli älem giňişligi maksatnamamyzy geçen ýyl yglan etdik. Enşalla Respublikamyzyň 100-nji ýylynda, ýagny geljek ýyl milli we özboluşly raketamyz bilen aýa gonarys” diýdi.

Älem giňişligi, tehnologiýa, stratup firmalary we ylmy hyzmatdaşlyk ugurlarynda Birleşen Arap Emirlikleri bilen bilelikdäki taslamalarymyzyň depginini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtan Erdogan; “Hyýallarymyzy we maksatlarymyzy diňe şularyň netijesinde iş ýüzüne geçireris. Siziň parlaýan gözleriňizde şol ynamy, gaýduwsyzlygy we gaýratlylygy görýärin” diýdi.



Degişli Habarlar