“Birleşen Arap Emirlikleri Bilen Edilýan Gatnaşyklardan Hoşal”

“Birleşen Arap Emirliklerinde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we maýa goýumlary artdyrylmagy maksady bilen 13 şertnama baglaşdyk”

1779324
“Birleşen Arap Emirlikleri Bilen Edilýan Gatnaşyklardan Hoşal”

Prezident R. T. Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine guran 2 günlük resmi sapary barada sosial mediadan beren habarnamasynda “Birleşen Arap Emirliklerinde geçirlen gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we maýa goýumlary artdyrylmagy maksady bilen 13 şertnama baglaşdyk” diýdi.

Prezident Erdogan “Birleşen Arap Emirlikleriniň howpsyzlygyna we durnuklylygyna goldaw berýäris. Pars aýlagynyň howpsyzlygy biziň üçin diýseň möhüm. Özara hyzmatdaşlygyň soňky döwürde artmagyndan we has-da pugtalanmagy üçin iki taraply ýagdaýda edilýän tagallara hoşallyk bildirýäris. Özara bähbide laýyklykda, sebitiň geljegi üçin birlikde tagalla etmäge dowam ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar