Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Bardy

Prezident R.T.Erdogan Abu Dabiniň mirasdüşer Şazadasy Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň çakylygyna laýyklykda 2 günlük resmi sapar Birleşen Arap Emirliklerine Bardy

1778421
Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Bardy

Prezident Edogan Abu Dabiniň halkara howa menzilinde Abdu Dabiniň Federaal ministrý Tani bin Ahmed Al Zeýudi, Türkiýäniň Abu Dabidäki İlçisi Tugaý Tunçer bilen Dubaidäki Başkonsuly Mustafa İlker Kylyç tarapyndan garşylandy.

Kasr Al Watan köşkünde resmi dabara bilen garşylanjak Prezident Erdoganyň resmi duşuşyklarynyň çäginde geçirjek görüşmelerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň ýola goýulmagy we goralmagy düşünjesine laýyklykda sebitleýin hem-de halkara wakalaryň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

İki ýurduň arasndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini maksat edinýän ylalaşyklaryň gol çekişilmegine garaşylýan duşuşyklaryň çäginde Prezident Erdogan aýratynam Dünýä sergisi “EXPO-2020 Dubaýa” baryp, Türkiýäniň milli güni diýlip yglan edilen 15-nji fewralda Türkiýäniň sergi pawiýonyny görer.



Degişli Habarlar