Türkiýe, Täjigistanyň Ykdysadyýetine Iň Köp Maýa Goýan Ikinji Ýurt

"Türkiýe daşary ýurtly maýa goýumlarda 25 million dollar bilen ikinji orny eýeledi"

1777253
Türkiýe, Täjigistanyň Ykdysadyýetine Iň Köp Maýa Goýan Ikinji Ýurt

 

Türkiýe, geçen ýyl Täjigistanyň ykdysadyýetine iň köp maýa goýan ikinji ýurt boldy.

Täjigistanyň Maýa goýumlar komitetiniň başlygy Sadi Kadirzade, metbugata beren beýannamasynda, 2021-nji ýylda ýurduň ykdyadyýetine goýlan daşary ýurtly maýa goýumlaryň  2 esseden köp artyp 340 million dollara barabar bolandygyny aýtdy.

2021-nji ýylda Hytaýyň Täjigistana 210 million dollarlyk maýa goýandygyny aýdan Kadirzade, Türkiýäniň daşary ýurtly maýa goýumlarda 25 million dollar bilen ikinji, Şweýsariýanyň 21 million dollar bilen üçünji, Fransiýanyň bolsa 19 million dollar bilen dördünji orny eýeländigini belledi.

Kadirzade daşary ýurtly maýadarlaryň magdançylyk, senagat önümçiligi, gurluşyk pudagyna maýa goýandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar