Prezident Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Sapar Gurar

Prezident Erdogan fewral aýynyň 14-15-i aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine gider.

1777453
Prezident Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Sapar Gurar

Prezident R. T. Erdogan, Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýanyň 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkiýä guran saparyndan soň fewral aýynyň 14-15-i aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine gider.

Erdogan saparynyň çäginde Abu Dabide we Dubaide gepleşikler geçirer.

Prezident Erdoganyň Dubaide Exponyň çäginde, Türk milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna we işewürler bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda başlan maýa goýum etabyndan soň täze şertnamalaryň baglaşylmagy meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar