Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda 38 bosgun halas edildi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň suw giňişliginde 38 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy

1775832
Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda 38 bosgun halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginden berilen beýanata görä, Bodrum etrabynyň suw giňişliginde tapawutly wagtlarda gaýyklarda we halas ediş sallarda bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatlaryň esasynda sebite halas ediş toparlary gönükdirildi. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna iteklenendigi anyklanan 2 halas ediş sallardaky 23 bosgun bilen motory näsazlanan gaýykdaky 15 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 


Etiketkalar: #bosgun , #Gresiýa , #gaýyk , #Bodrum , #Mugla

Degişli Habarlar