Türkiýäniň Prezidenti Ukrainada saparda bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Kiýewe bardy

1773094
Türkiýäniň Prezidenti Ukrainada saparda bolýar

Prezident Erdogany Borispol howa menzilinde Türkiýäniň Kiýew şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýagmur Ahmet Güldere, aýaly Seda Güldere, Ukrainanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wasyl Bodnar we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri garşyladylar. 

Prezident Erdogany resmi saparynyň çäginde II Jahan urşunda ýogalanlaryň ýadygärligine dikilen Kiýew şäherindäki Näbelli esger ýadygärligine wenok goýdy, Marinskiý köşgündäki resmi garşylama dabarasyndan soň Zelenskiý bilen ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçdiler. 

Erdogan ondan soň bolsa iki ýurdyň arasyndaky Ýokary derejeli strategik geňeşiniň maslahatynyň 10-njysyna gatnaşar.

Maslahatda strategik hyzmatdaşlyk derejesindäki Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary ählitaraplaýyn gözden geçiriler, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegi boýunça mümkinçilikler ele alynar, sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar. 

Maslahatlaryň ahyrynda iki lider tarapyndan umumy metbugat ýygnagynyň geçirilmegine garaşylýar. 

Geňeşiň maslahatynyň netijesinde biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça degişli ýurtlaryň ministrleriniň gatnaşmagynda gol çekilşik dabarasynyň geçirilmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar