Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1772807
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açyp, hüjüm gurandyklary mälim edildi. 

Beýanatda: "Şehitlerimiziň ganyny ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açyp, hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 9 terrorçy gahryman komandos güýçlermiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygynda terrorçylara garşy 2019-njy ýylda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny gurap, sebiti terrorçylardan saplapdy. 



Degişli Habarlar