Ortaýer deňizinde 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ortaýer deňizinde Kipr adasynyň suw giňişliginde 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1772614
Ortaýer deňizinde 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berilen maglumata görä, Türkiýäniň wagty bilen sagat 00:03-de Ortaýer deňizinde Kipr adasynyň suw giňişliginde 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

Deňiz derejesinden 13,20 km aşakda emele gelen ýer titremäniň güýç merkeziniň Antalýa welaýatynyň Gazipaşa etrabyna 136 km alysdadygy habar berildi. 

Sosial mediada ýer titremäniň Antalýa welaýaty bilen birlikde Mugla, Adana, Mersin we Hataý welaýatlarynda hem duýulandygy mälim edildi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Twitter hasabyndan beren beýanatynda ýer titremäniň duýulan ýerleri bolan Antalýa we Mersin welaýatlaryna tiz kömek gullugyna ýüz tutan adamyň bolmandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar