Edirne welaýatynda Gresiýa tarapyndan yzyna itileninden soň doňup ýogalan bosgunlaryň sany artýar

Edirne welaýatynyň Ipsala etrabynda Gresiýa tarapyndan yzyna itilen we sowukdan doňup ýogalan bosgunlaryň sany 19 adama ýetdi

1773084
Edirne welaýatynda Gresiýa tarapyndan yzyna itileninden soň doňup ýogalan bosgunlaryň sany artýar

Edirne welaýatynyň Ipsala etrabynyň Paşaköý obasynyň Mandakoru diýilýän ýerinde düýn grekler tarapyndan yzyna itilen 22 bikanun migrantyň 12-si doňup ýogalypdy. 

Toparlar tarapyndan sebitde geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de 7 bosgunyň tapylmagy bilen sowukdan doňup ýogalan adamlaryň sany 19 adama ýetdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Gresiýa adamkärçilksiz çemeleşmesi sebäpli reaksiýa bildirdi. 

Edirne welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda: "Ipsala etrabynda grekler tarapyndan yzyna itilen we sowukdan doňup ýogalan bosgunlaryň tapylan ýerinde düýn we şu gün dowam edýän gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde tapylan ýogalan bosgunlaryň sany gynansagam 19 adama ýetdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar