Stambul-Ýerewan Uçar Saparlary şu Gün Başlaýar

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky uçuşlaryň başlamagy üçin Türkiýeden Pegasus, Ermenistanyň FlýOne firmalary ýüz tutypdy.

1772386
Stambul-Ýerewan Uçar Saparlary şu Gün Başlaýar

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky uçar saparlary şu gün ýaňadandan başlaýar.

1993-nji ýyldan bäri gümrük geçelgeleri ýapyk bolan Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda birnäçe ýyldan bäri dowam edýän dartgynlyk sebäpli aragatnaşyk diňe uçar saparlary bilen amala aşyrylýardy.

Iki ýurduň arasyndaky howa gatnawy Atlasžetiň guraýan uçar saparlary bilen amala aşyrylýardy. Firma bankrot bolandygy sebäpli 2020-njy ýylda uçar saparlary bes edilipdi.

Türkiýäniň we Ermenistanyň ýörite wekilleriniň ýaňy ýakynda geçiren gepleşikleri netijesinde uçar saparlarynyň iki taraply ýagdaýda ýaňadandan başlamagy meselesinde karar kabul edildi.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky uçuşlaryň başlamagy üçin Türkiýeden Pegasus, Ermenistanyň FlýOne firmalary ýüz tutypdy.

Türkiýeden Pegasus Howa ýollary bilen Ermenistanyň FlýOne firmasy şu gün Stambul-Ýerewan uçar saparlaryny başladar.

Pegasus duşenbe, penşenbe we anna günleri Stambulyň Sabiha Gökçen howa menzilinden Ýerewan howa menziline, sişenbe, anna we ýekşenbe günleri Ýerewan howa menzilinden Sabiha Gökçen howa menziline sapar gurar.

Ermenistanyň FlýOne firmasy bolsa duşenbe, çarşenbe we anna günleri Ýerewandan Stambul howa menziline sapar gurar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar