Soňky 1 aýda 172 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Geçen ýyl geçirilen 397 operasiýada bolsa 2 müň 883 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirtilipdi

1770480
Soňky 1 aýda 172 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Soňky 1 aýda Yragyň demirgazygynda 25, Siriýanyň demirgazygynda 147 bolmak bilen jemi 172 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Gahryman esgerlerimiz howanyň sowuklyk derejesiniň 39 gradus bolmagyna, garyň galyňlygynyň 7 metre ýetmegine, ýaramaz howa we ýer şertlerine garamazdan operasiýalaryny dowam etdirýär. Soňky 1 aýda terrora garşy göreşiň çäginde 172 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Geçen ýyl geçirilen 397 operasiýada bolsa 2 müň 883 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirtilipdi. 



Degişli Habarlar