Prezident Erdogan Mugallymlary wezipelerine bellemek dabarasyna gatnaşdy

Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde 15 müň mugallymy wezipelerine bellemek dabarasyna gatnaşdy

1770955
Prezident Erdogan Mugallymlary wezipelerine bellemek dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň sebäp bolan kynçylyklara garamazdan işlerini ýurt derejesinde arakesmesiz dowam etdirip bilen dünýäniň birnäçe döwletiniň biri boldyk" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde 15 müň mugallymy wezipelerine bellemek dabarasyna gatnaşdy.  

"2021-2022-nji okuw ýylyny epidemiýa garamazdan örän üstünlikli ýagdaýda tamamladyk. Ýüzbe-ýüz bilim bermegi dowam etdiren dünýäniň birnäçe ýurdunyň biri boldyk" diýip aýdan Erdogan: "Dünýäniň ençeme ýurdunyň ozal işläp ýören mugallymlarynyň sanyny hem gorap saklap bilmedik döwründe biz täze mugallymlarymyzy wezipelerine bellemäge dowam etdik. Şu günki bellenen mugallymlar bilen birlikde soňky 19 ýylda 729 müň 487 mugallymy wezipelerine belledik" diýip habar berdi. 

"Türkiýäniň her mugallyma düşýän okuwçylaryň sany boýunça hem OECD-ä agza ýurtlaryň görkezijilerine ýetdik" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Mugallymlarymyzyň maliýe we şahsy hukuklarynyň gowulaşdyrylmagynda hem möhüm sepgide ýetdik. Ýewropada soňky 19 ýylda mugallymlaryň aýlyklaryny iň köp gowulaşdyran ýurt Türkiýedir" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar