Muş welaýatynda "Eren Gyş-17" atly operasiýa başladyldy

Türkiýäniň Muş welaýatynda "Eren Gyş-17 Şehit Žandarma uly leýtenant Ismail Moraý" atly operasiýa başladyldy

1770379
Muş welaýatynda "Eren Gyş-17" atly operasiýa başladyldy

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä operasiýanyň terrorçylary "gözle-tap-ýok et" taktikasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirmek, başda terrorçylykly aksiýalar bolmak ähli taýarlyklary ýok etmek we sebitiň asudalyk gurşawyny berkitmek maksady bilen geçirilýändigi habar berildi. 

Operasiýa Muş welaýat Žandarma serkerdeliginiň ýolbaşçylyk etmeginde Žandarma güýçleriniň komandos toparlaryň, Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlaryň we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat 1 müň 71 howpsuzlyk işgäriň, 74 operatiw işgäriň gatnaşýandygy aýan edildi. 

Ýurdyň içindäki terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen geçirilýän Eren operasiýalarynyň, raýatlaryň goldawy bilen ynanç we tutanýerlilik bilen üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar