Türkiýe Aziýa Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Güýçlendirmegi Maksat Edinýär

Mewlüt Çawuşogly, Şri-Lankada saparda bolýar

1769820
Türkiýe Aziýa Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Güýçlendirmegi Maksat Edinýär
Cavusoglu-Gamini Lakshman Peiris.jpg
cavusoglu sri lanka.jpg

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Aziýa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklaryny güýçlendirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly, Şri-Lanka guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Gamini Peiris bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Peiris bilen ilkinji duşuşygyny ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirendigini ýatladan Çawuşogly, kärdeşi bilen özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Prezidenti Gotobaýa Ražapaksa tarapyndan hem kabul edilendigini aýdan Çawuşogly, Prezident Erdoganyň ýüzlenmesini we çakylygyny gowşurandygyny belledi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “Aziýa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarymyzy güýçlendirmegi maksat edinýär. Bu manyda Şri-Lankany Hindi okeanynyň hünjisi we esasy hyzmatdaşymyz hökmünde görýäris” diýdi.

Iki ýurduň arasynda söwda, saglygy goraýyş, derman senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyryp bilinjekdigini aýdan Çawuşogly, THÝ-nyň Şri Lanka häziki wagtda 11 uçar saparyny guraýandygyny we sentýabt aýyndan başlap uçar saparlarynyň sanyny 14-e ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar