Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

“Azad” lakamly terrorçy Sileman Şemo Ýusufyň täsirsiz ýagdaýa getirildi

1769784
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Milli Howpsyzlyk gullygy, Yragyň Sinjar welaýatynda guralan operasiýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝBŞ-niň ýörite güýçleriniň serkerdesidigi aýdylýan “Azad” lakamly terrorçy Sileman Şemo Ýusufyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Milli Howpsyzlyk gullugy, PKK/KJK-nyň gözegçiligi astynda bolan Sinjaryň Bab Şilo etrapçasynda, terrorçy Sileman Şemo Ýusufyň ulagyny nyşana aldy.

Nyşana alynan ulagdaky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

ÝBŞ-niň ýolbaşçysydygy aýdylýan “Seýit” lakamly terryrçy Hasan Said Hasan hem Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan awgust aýynda guralan operasiýada Sinjarda täsirsiz ýagdaýa getirlipdi.



Degişli Habarlar