Türkiýe Burkina-Faso bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe Burkina-Faso döwletinde harby agdarlyşyk synanyşygynyň bardygy baradaky habarlary uly alada bilen alandyklaryny beýan etdi

1767722
Türkiýe Burkina-Faso bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Burkina-Fasoda agdarlyşyk synanyşygynyň amala aşyrylandygy we ýurdyň Prezidenti Roh Mark Kristian Kaboreniniň tussag edilendigi bilen bagly habarlary uly alada bilen aldyk" diýip habar berildi. 

Beýanatda dostlukly we doganlyk Burkina-Fasonyň konstitutsion düzgüni bilen jemgyýetçilik parahatçylygynyň we durnuklylygynyň bozulmazlygy dileg edilip, Türkiýäniň başyndan geçýän bu tankydy döwürde Burkina-Fasonyň ýanynda boljakdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar