Çawuşogly Käbir Latyn Amerika Ýurtlaryna Sapar Gurar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly mart aýynda käbir Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurajakdygyny beýan etdi

1765586
Çawuşogly Käbir Latyn Amerika Ýurtlaryna Sapar Gurar

Çawuşogly Ankara uniwersitetinde Latyn Amerika ýurtlarynyň ilçileri we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Dostluk toparlarynyň başlyklary bilen işjeň maslahat geçirdi.

Maslahatda çykyş eden Çawuşogly Latyn Ameriikan ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden hoşal boljadyklaryny nygtap; “Mart aýynda birnäçe ýurdy öz içine alýan Latyn Amerika saparyny gurarys. Braziliýadan çakylyk aldyk, günortadan başlarys, Merkezi Amerika çenli 4-5 ýurda sapar ederis. Aragatnaşyklarymyzy ösdüreris. Özara gatnaşyklarymyzy hasam güýçlendirmek üçin kärdeşlerimiz we kabul etseler liderler bilen möhüm duşuşyklar geçirmegi umyt edýäris” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Latyn Amerika sebitindäki wekilhanalarynyň sanyny 17-ä ýetirendigini, Latyn Amerika ýurtlarynyň Türkiýedäki ilçihanalarynyň sanyny bolsa 16-a ýetendigini nygtap, gatnaşyklaryň möhüm sepgide ýetendigini aýtdy.

Ministr Çawuşogly Türkiýe bilen Latyn Amerika sebitindäki ykdysady gatnaşyklaryň hasam ösdürilmelidigini we söwda gatnaşyklarynyň öňündäki bökdençlilleriň aýrylmalydygyna ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar