Russiýa Erdoganyň Çagyryşyna Kanagatlanma Bildirdi

Erdogan Putin bilen Zelenskiýni Türkiýä çagyrypdy

1765243
Russiýa Erdoganyň Çagyryşyna Kanagatlanma Bildirdi

Prezident R.T.Erdoganyn Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky düşnüşmezlikleri çözmek üçin Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýni Türkiýä çagyrmagyna Russiýa kanagatlanma bildirdi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow žurnalistleriň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin Erdoganyň Putini we Zelenskiýni Türkiýä çagyrmagy hakyndaky soraga jogap berdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky esasy düşnüşmezligiň Minsk ylalaşyklarynyň resmi Kiýew tarapyndan iş ýüzüne geçirilmeginiň bes edilmegi bilen baglydygyny aýdan Peskow; “Ukrainadaky meseleleriň çözülmegine goldaw berjek haýsydyr ýurduň tagallalaryna hoşallyk bilen çemeleşýäris” diýdi.

Ukrainadaky şetleriň iňän dartgyndygyna ünsi çeken Peskow, bu ýurda ýarag getirilýändigini, harby manýowrlaryň edilýändigini we NATO bilen Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň uçarlarynyň bu ýurtda uçuşlar edýändigini görýändiklerini beýan etdi.

Peskow: “Bularyň ählisi Ukrainanyň ýakyn töwereginde dartgynlyga sebäp bolýar” diýdi.

Peskow aýratynam ABŞ-dan golaýda howpsuzlyk kepillikleri boýunça ýazmaça jogap almagy tama edýandiklerini aýtdy.

Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn Prezident Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky meseleleriň çözülmegi üçin hem Putin hem-de Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini nygtap; “Erdogan eger isleýän bolsalar ikisinem Türkiýä gelmäge, aralaryndaky düşnüşmezlikleri we tapawutlyklary çözmek üçin maslahat geçirmäge çagyrdy. Türkiýe, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak üçin eýeläp biljek ähli pozisiýasyny eýelemäge taýar. Muny hem Russiýanyň hem Ukrainanyň dosty hem-de NATO-nyň ýarany hökmünde isleýäris” diýipdi.

 



Degişli Habarlar