Erdogan Russiýanyň Ukrainany Basyp Alma Ähtimallygyny Hakykata Laýyk Görmeýär

Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň Ukraina basyp alma ähtimallygyny hakykata laýyk görmeýändigini aýtdy.

1764543
Erdogan Russiýanyň Ukrainany Basyp Alma Ähtimallygyny Hakykata Laýyk Görmeýär

Albaniýa saparynyň ahyrynda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Prezident ERdogan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk hakynda beýanat berdi.

Russiýanyň Ukrainany basyp almagyny hakykata laýyk çemeleşme hökmünde görmeýändigini beýan eden Erdogan, Ukrainanyň güýçli ýurtlardan biridigini aýtdy.

Prezident Erdogan Russiýanyň Ukrainany basyp almak üçin dünýädäki şertleri we öz şertlerini gowy seljermelidigini nygtady.

Ukrainada saparda bolýan Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini beýan eden Erdogan, Russiýanyň Prezidenti Putin bilen hem bu meselleri ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini aýtdy.

Erdogan; “Sebäbi bu sebit indi urşy kabul etmez. Bular dogaram bolmaz. İndi uruşy syýasat taryhyndan çykarmagyň wagty geldi. “Men biriniň ýerini basyp alaýyn” düşünjesi bilen bu işler dowam etmez. Mysal üçin Ukrainada näme etdi Russiýa? Krymy aldy. Krym meselesinde biz elmydama onuň basylyp alynmagyna garşy durýandygymyzy Hormatly Putin bilen her duşuşygymyzda onuň özüni aýdýaryn. Daşary işler ministrligimiz hem şeýle, kärdeşlerine aýdýarlar. Ýagny bu meselede biziň syýasatymyz belli.” Diýdi.

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Gresiýanyň Gündogar Ortaýer denizinde Ysraýyl we Kipriň grek bölegi bilen bilelikde meýilleşdiren “EastMed” turba geçiriji taslamasyndan goldawyny çekmegi hakynda-da garaýyş beýan etdi.

“Bu taslama aslynda boljak iş däl” diýen Erdogan, ABŞ-nyň taslamanyň düşýän gymmaty sebäpli işe oňyn garamandygyny aýtdy.

Şeýle taslamanyň Türkiýesiz bolmajakdygyny nygtan Erdygan; “Sebäbi egerde bärden Ýewropa gaz akdyryljak bolsa, ol diňe Türkiýäniň üstaşyr bolar” diýdi.

 



Degişli Habarlar