Mewlüt Çawuşogly Ýapon Kärdeşini Gutlady

Çawuşogly, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýosimasa Khaýasy bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi

1758176
Mewlüt Çawuşogly Ýapon Kärdeşini Gutlady

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýosimasa Khaýasy täze wezipesi bilen gutlady.

Mewlüt Çawuşogly, Twitterden beren habarnamasynda, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýosimasa Khaýasy bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirendigini aýtdy.

Kärdeşini täze wezipesi bilen gutlan Çawuşogly “Özara gatnaşyklaryň ösüdirilmegi hakynda pikir alyşdyk. Taryhy dostluga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmak isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar